Kategoriler
TDH

Türkmenistanda «Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady

Türkmen Döwlet Habarlar Gullugy- 23.09.2009- Türkmenistanda «Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady
Türkmenistan ýene-de wekilçilikli halkara forumyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu gün Daşoguz welaýatynyň merkezinde «Görogly» şadessanyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat öz işine başlaýar.
«Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de howandarlygynda geçirilýär. Onuň guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Daşoguz welaýatynyň häkimligi amala aşyrýarlar.
Ylmy forumyň baş maksady «Görogly» şadessanyny çuňňur öwrenmek, giňden tanyşdyrmak we umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda eýeleýän ornuny kesgitlemek bolup durýar.
Maslahatyň temasy ýurdumyzyň alymlarynda, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşlerinde uly gyzyklanma döretdi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlar geldiler. Olaryň ylmy gyzyklanmalarynyň merkezinde türkologiýany hem-de edebiýatyň, taryhyň we filosofiýanyň teoriýalaryny, Gündogaryň halklarynyň ylmy gatnaşyklaryny öwrenmek meseleleri durýar. Alymlaryň arasynda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Owganystandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Gruziýadan, Iordaniýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Päkistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Siriýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan dilçiler we edebiýaty öwrenijiler, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler we filosoflar, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary bar.
Üç günüň dowamynda forumda türkmen folklorynyň ýadygärligini, onuň Gündogaryň edebiýatynyň ösmegine täsirini we eýeleýän ornuny öwrenmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan çykyşlaryň ýüzden gowragy diňleniler we ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahata gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklere—Yzmykşire we Ysmamyt ata, Mahmyt Zamahşarynyň mawzoleýine we dünýä musulmanlarynyň zyýarat edýän keramatly ýerlerine baryp görerler. Alymlar şeýle hem Türkmenistanyň muzeýleriniň täsin ekspozisiýalary we ýadygärlik ýerleri bilen tanşarlar.

Kategoriler
TDH

Türkmenistanda «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwal başlanýar

1-nji aprelde Türkmenistanda Dünýä türkmenleriniň «Özgeriş ülkesi—türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwaly başlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlyk etmeginde ikinji gezek guralan bu uly foruma gatnaşmak üçin gadymy türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky watandaşlarymyz ýygnandylar.
Halkara festiwalynyň esasy maksady umumadamzat siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde türkmenleriň milli medeni mirasyny aýawly saklamakdan we wagyz etmekden, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz bilen döredijilik we ruhy gatnaşyklary giňeltmekden, olary beýik Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle hem bu forum ýaş nesliň watançylyk, milli däp-dessurlara we adatlara hormat goýmak ruhunda terbiýelenilmegine, häzirki wagtda ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeniýetiniň we dessurlarynyň öwrenilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ynsanperwerlik we parahatçylyk ideýalarynyň wagyz edilmegine ýardam bermelidir. Halkara festiwaly Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi we Ahal welaýatynyň häkimligi tarapyndan geçirilýär.
«Özgeriş ülkesi—türkmen ýaýlasy» atly festiwal ikinji gezek geçirilýär, munuň özi onuň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny görkezýär. Geçen baharda bolşy ýaly, bu özboluşly foruma daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň maşgalalary hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ählisiniň ýaşaýjylary gatnaşýarlar. Şu ýylda forum öz geografiýasyny we gatnaşyjylaryň düzümini has giňeltdi.
Aşgabada Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan türkmen diasporalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň wekilleri geldiler. Olaryň arasynda birnäçe nesilleriň wekilleri bar. Olar ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlara we adatlara eýerip, bulary aýawly saklaýarlar. Ruhy taýdan jebislik, agzybirlik, dostluk, doganlyk ýaly hut maşgala mahsus gymmatlyklar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz babatda ýöredýän syýasatynyň many-mazmunyny düzýär. Şu uly forumyň guralmagy milletiň Lideriniň watandaşlarymyz bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň milli galkynyşa esaslanýan syýasaty ýöretmegi netijesinde, etniki türkmenleriň müňlerçesi üçin taryhy Watany bilen ysnyşykly gatnaşyk saklamaga, täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzyň ýurdunda bolup geçýän uly özgertmelere dahyllydygyny duýmaga mümkinçilik döredilýär.
Halkara forumyny geçirmek üçin Ahal welaýatynyň gözel tebigatly künjekleriniň biri saýlanyp alyndy. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki bu ajaýyp düzlükde giň ak öýli improwizirlenen türkmen obasy ýerleşdi, ol dört günüň dowamynda hakyky medeni merkeze öwrüler we bu ýerde esasy wakalar bolup geçer.
Türkmenistanlylar we ýurdumyzyň myhmanlary üçin türkmenleriň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly däp-dessurlary we adatlary, milli baýramçylyk ýörelgeleri bilen tanyşmaga örän amatly mümkinçilik dörediler. Tomaşaçylar Türkmenistanyň welaýatlarynyň wekilleriniň folklor bilen bagly ýörelgelerini beýan edýän ajaýyp sazly spektakllara syn ederler. Bu ýerde halyçylaryň, tikinçileriň, ussat zergärleriň we senetçileriň sungatyna degişli işler görkeziler. Ýygnananlar festiwala gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanan milli tagamlary dadyp görerler.
Ýygnananlar türkmen batyrlarynyň we çapyksuwarlaryň gyzykly ýaryşlaryna, dürli milli oýunlara we şadyýan bäsleşiklere tomaşa edip bilerler. Döredijilik forumynyň her bir güni gyzykly çärelere we duşuşyklara baý bolup, ýurdumyzyň medeni durmuşyna täze öwüşginleri çaýar we ýatdan çykmajak täsir galdyrar.
Daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri bu festiwal babatda uly gyzyklanma bildirýärler. Žurnalistleriň reportažlary forumyň tomaşaçylarynyň auditoriýasyny has-da giňelder.

Kategoriler
TDH

Seljuklar eýýamy siwilizasiýanyň taryhy-medeni ösüşinde

AŞGABAT (TDH) 12.03.2009 -Düýn türkmen paýtagtynda «Seljuklar döwrüniň edebiýaty we medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty açyldy. Ylmy forum Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýär. Onuň guramaçylygyny Türkmenistanyň Milli medeniýet «Miras» merkezi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş amala aşyrýarlar.
Dünýä medeniýetini ösdürmekde seljuklar eýýamynyň ornuny we ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdirilen forum dünýäniň ýurtlarynyň ýigrimi dokuzysyndan ylmyň görnükli wekillerini bir ýere ýygnady. Şolaryň arasynda taryhçylar we medeniýeti öwrenijiler, edebiýatçylar we dilçiler, etnograflar, sungaty öwrenijiler we arhitektorlar, dünýäniň esasy okuw merkezleriniň mugallymlary bar.
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar ir säherde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Forumyň dabaraly açylyşy Milli medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi, şol ýerde hökümetiň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar hem ýygnandylar.
Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň belent owazy halkara forumynyň dabaraly bölüminiň açylandygyny yglan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar, şonda milletiň Lideri seljuklar eýýamynyň ylmy-edebi mirasyny, adamzadyň ruhy-medeni ösüşine onuň täsirini öwrenmäge bu forum saldamly goşant bolar diýip çuňňur ynam bildirdi. Häzirki günde biz diňe öz halkymyzyň milli mirasyny öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem edebiýaty we sungaty gaýtadan dikeltmek bilen, geljegiň binýadynyň düýbüni tutýarys diýlip, Gutlag hatynda aýdylýar. Taryhy-medeni genji-hazynalara, beýik alymlaryň, şahyrana sözüň ussatlarynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyna ylmy taýdan çemeleşmek, dünýäde bahasyna ýetip bolmajak milli mirasymyzy mundan beýläk-de wagyz etmek boýunça düýpli işler geljekde hem amala aşyrylar.
Türkiýeden, Hindistandan, Ukrainadan, Eýrandan, Albaniýadan, Özbegistandan, Al?irden, Russiýadan gelen alymlaryň maslahatda eden çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän giň halkara ylmy hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasatynyň, ýurtda milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan çuňňur özgertmeleriň uly ornuny we ähmiýetini, olaryň halkara ylmy gatnaşyklaryny giňeltmäge, dünýäniň ruhy genji-hazynalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen halkynyň milli mirasyny çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge ýardam edýändigini biragyzdan bellediler.
Özüniň gülläp ösen döwürlerinde Seljuklar imperiýasy Hyratdan (Owganystan) Amyderýanyň jülgesine (Buhara), Yspyhandan (Eýran) Anadola (Türkiýe) çenli aralyklary öz içine alypdy diýip, alymlar bellediler. Munuň özi diňe syýasy we harby ulgamlarda däl, eýsem Gündogaryň halklarynyň ruhy galkynyşynda hem türkmenleriň täsiriniň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän eýýam bolupdy. Seljuk soltanlary tarapyndan amala aşyrylýan progressiw özgertmeler medeniýetiň, edebiýatyň, ylmyň, filosofiýanyň, ylahyýetiň, amaly-haşam sungatyň gülläp ösüşine täsirini ýetirdi. Şol döwrüň Orta asyrlarynda türkmen alymlarynyň dünýä ylmyna goşan goşandy jedelsizdir, munuň üçin Muhammet al-Horezminiň, al-Farabiniň, al-Biruniniň, Zaýnuddin Jurjaniniň, as-Samanynyň we beýlekileriň atlaryny agzamak ýeterlikdir diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Geçmişi, hususan-da, Beýik Seljuklar imperiýasynyň gazanan üstünliklerini öwrenmek bize häzirki zamana düşünmäge we geljegi döretmäge mümkinçilik berýär diýip, hususan-da, Bombeý uniwersitetiniň professory Padmo Loçan Daş belledi. Ylmy-barlagçylara entek seljuklaryň taryhynda kemter gaýdylan, ýetmezçilik edýän köp zatlaryň üstüni doldurmak garaşýar, munuň özi häzirki maslahatyň wezipesidir, onuň çykarjak netijeleri şol ajaýyp eýýamy öwrenmekde köp meseleleri düşündirmek üçin düýpli ylmy binýat bolmalydyr diýip, ol nygtady. Seljuklar eýýamynyň beýik mirasyny gorap saklamagyň we öwrenmegiň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, maslahata gatnaşyjylar ol diňe türkmen halkyna däl, eýsem ähli adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolup durýar diýen pikire biragyzdan eýerdiler.
Umumy mejlisiň tamamlanmagyndan soň, foruma gatnaşyjylar we myhmanlar giň foýede ýaýbaňlandyrylan we türkmen halkynyň gadymy däpleri hem täsin özboluşly sungaty, beýik Galkynyş eýýamynda ylmyň we bilimiň ösüşi barada aýdyň gürrüň berýän serginiň eksponatlaryna uly gyzyklanma bildirip, olar bilen tanyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi ylmy bölümçeleriň bäşisinde dowam etdirildi, olarda dünýä siwilizasiýasyny ösdürmekde seljuklar eýýamynyň taryhy-medeni mirasynyň ornuna bagyşlanan gyzykly çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy, şol döwrüň edebiýatynyň, sungatynyň we binagärliginiň ýadygärliklerini öwrenmegiň derwaýys meselelerine seredildi. Şol eýýamyň meşhur wekilleriniň häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda saklanylýan golýazma çeşmelerini öwrenmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşmalaryň üns merkezinde boldy. Alymlar halkara ylmy hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.
Şu gün halkara forumy öz işini dowam etdirer.

Kategoriler
TDH

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Perman

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň uzak möhlete niýetlenen baş ugrunyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi babatdaky täze ýörelgelere esaslanyp, döwlet syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň eýeleýän ornuny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik gullugyny has-da pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi döretmeli we ony her ýylyň 18-nji fewralynda bellemeli.

Kategoriler
TDH

Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerinden

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we türkmen halkyna gutlaglarymy beýan etmek hormatyna eýedirin. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň durnukly ösüş ýagdaýy saklanýar, dürli ugurlarda özara gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär, bu bolsa ýurtlarymyza we halklarymyza bähbit getirýär. Men Siziň bilen bilelikde döwletlerimiziň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň strategiki hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykarylmagyny öňe ilerletmäge taýýardyryn. Size berk jan saglyk we işleriňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin. Li Kesýan, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri

Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerinden
Kategoriler
TDH

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Gyrgystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de tutuş türkmen halkyny bahar baýramy bolan Nowruz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda hoşniýetli we nurana geljege gönükdirilen umyt-arzuwlaryny bu şanly baýram bilen baglanyşdyryplar. Goý, tebigatyň täzelenişiniň we pederlermiziň paýhasly ýörelgelerine ygrarlylygyň nyşany bolan Nowruz mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň arasyndaky ruhy umumylygyň pugtalandyrylmagyna, dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam bersin. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, Almazbek Atambaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna baharyň gülläp ösüşini alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetlili tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende şatlyk duýgusyny döredýär. Bu bahar baýramyny giňden dabaralandyrýan halklarymyz üçin Nowruz olaryň gadymy däpleriniň, medeniýetleriniň umumylygynyň nyşany bolmak bilen, sebitara durnuklylygy, raýdaşlygy we agzybirligi şertlendirýär. Nowruzyň iki ýurduň halklary, aýratyn-da, Türkmenistanyň dostlukly halky üçin abadançylygyň, rowaçlygyň we bagtyýarlygyň buşlukçysy bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin. Mundan beýläk-de Owganystan Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirýärin. Size berk jan saglyk, üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de güllläp ösüş we bagt arzuw edýärin. Doktor Abdulla Abdulla, Owgynystan Yslam Respublikasynyň Ýerine Ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi GDA – gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Nowruz baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşyny asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýan Nowruz baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny we täze durmuşyň başlaýandygyny alamatlandyrýar. Millionlarça adamlaryň kalplarynda söýgi, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly nurana duýgulary oýarmak bilen, Nowruz şatlyk we ynam eçilýär, dostlugy, birek-birege hormat goýmagy we ylalaşygy pugtalandyrýar. Bu baýramçylyk gününde Size berk jan saglyk, bagt, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin. Hormatlamak bilen, A.Sergeýew, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar gelip gowuşýar