festival

Türkmenistanda «Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwal başlanýar

1-nji aprelde Türkmenistanda Dünýä türkmenleriniň «Özgeriş ülkesi—türkmen ýaýlasy» atly halkara festiwaly başlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlyk etmeginde ikinji gezek guralan bu uly foruma gatnaşmak üçin gadymy türkmen topragynda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky watandaşlarymyz ýygnandylar.
Halkara festiwalynyň esasy maksady umumadamzat siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde türkmenleriň milli medeni mirasyny aýawly saklamakdan we wagyz etmekden, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz bilen döredijilik we ruhy gatnaşyklary giňeltmekden, olary beýik Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle hem bu forum ýaş nesliň watançylyk, milli däp-dessurlara we adatlara hormat goýmak ruhunda terbiýelenilmegine, häzirki wagtda ykbalyň emri bilen dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeniýetiniň we dessurlarynyň öwrenilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ynsanperwerlik we parahatçylyk ideýalarynyň wagyz edilmegine ýardam bermelidir. Halkara festiwaly Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi we Ahal welaýatynyň häkimligi tarapyndan geçirilýär.
«Özgeriş ülkesi—türkmen ýaýlasy» atly festiwal ikinji gezek geçirilýär, munuň özi onuň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny görkezýär. Geçen baharda bolşy ýaly, bu özboluşly foruma daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyzyň maşgalalary hem-de ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ählisiniň ýaşaýjylary gatnaşýarlar. Şu ýylda forum öz geografiýasyny we gatnaşyjylaryň düzümini has giňeltdi.
Aşgabada Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Owganystandan, Täjigistandan, Özbegistandan türkmen diasporalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň wekilleri geldiler. Olaryň arasynda birnäçe nesilleriň wekilleri bar. Olar ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlara we adatlara eýerip, bulary aýawly saklaýarlar. Ruhy taýdan jebislik, agzybirlik, dostluk, doganlyk ýaly hut maşgala mahsus gymmatlyklar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz babatda ýöredýän syýasatynyň many-mazmunyny düzýär. Şu uly forumyň guralmagy milletiň Lideriniň watandaşlarymyz bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanynyň milli galkynyşa esaslanýan syýasaty ýöretmegi netijesinde, etniki türkmenleriň müňlerçesi üçin taryhy Watany bilen ysnyşykly gatnaşyk saklamaga, täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzyň ýurdunda bolup geçýän uly özgertmelere dahyllydygyny duýmaga mümkinçilik döredilýär.
Halkara forumyny geçirmek üçin Ahal welaýatynyň gözel tebigatly künjekleriniň biri saýlanyp alyndy. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki bu ajaýyp düzlükde giň ak öýli improwizirlenen türkmen obasy ýerleşdi, ol dört günüň dowamynda hakyky medeni merkeze öwrüler we bu ýerde esasy wakalar bolup geçer.
Türkmenistanlylar we ýurdumyzyň myhmanlary üçin türkmenleriň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly däp-dessurlary we adatlary, milli baýramçylyk ýörelgeleri bilen tanyşmaga örän amatly mümkinçilik dörediler. Tomaşaçylar Türkmenistanyň welaýatlarynyň wekilleriniň folklor bilen bagly ýörelgelerini beýan edýän ajaýyp sazly spektakllara syn ederler. Bu ýerde halyçylaryň, tikinçileriň, ussat zergärleriň we senetçileriň sungatyna degişli işler görkeziler. Ýygnananlar festiwala gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanan milli tagamlary dadyp görerler.
Ýygnananlar türkmen batyrlarynyň we çapyksuwarlaryň gyzykly ýaryşlaryna, dürli milli oýunlara we şadyýan bäsleşiklere tomaşa edip bilerler. Döredijilik forumynyň her bir güni gyzykly çärelere we duşuşyklara baý bolup, ýurdumyzyň medeni durmuşyna täze öwüşginleri çaýar we ýatdan çykmajak täsir galdyrar.
Daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri bu festiwal babatda uly gyzyklanma bildirýärler. Žurnalistleriň reportažlary forumyň tomaşaçylarynyň auditoriýasyny has-da giňelder.

Bu makaleyi paylaş

Share on facebook
Share on google
Share on twitter
Share on linkedin
Share on pinterest
Share on print
Share on email