Sultan_Sanjar_mausoleum

Seljuklar eýýamy siwilizasiýanyň taryhy-medeni ösüşinde

AŞGABAT (TDH) 12.03.2009 -Düýn türkmen paýtagtynda «Seljuklar döwrüniň edebiýaty we medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty açyldy. Ylmy forum Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýär. Onuň guramaçylygyny Türkmenistanyň Milli medeniýet «Miras» merkezi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş amala aşyrýarlar.
Dünýä medeniýetini ösdürmekde seljuklar eýýamynyň ornuny we ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdirilen forum dünýäniň ýurtlarynyň ýigrimi dokuzysyndan ylmyň görnükli wekillerini bir ýere ýygnady. Şolaryň arasynda taryhçylar we medeniýeti öwrenijiler, edebiýatçylar we dilçiler, etnograflar, sungaty öwrenijiler we arhitektorlar, dünýäniň esasy okuw merkezleriniň mugallymlary bar.
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar ir säherde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Forumyň dabaraly açylyşy Milli medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda geçirildi, şol ýerde hökümetiň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar hem ýygnandylar.
Türkmenistanyň Döwlet Senasynyň belent owazy halkara forumynyň dabaraly bölüminiň açylandygyny yglan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy okalýar, şonda milletiň Lideri seljuklar eýýamynyň ylmy-edebi mirasyny, adamzadyň ruhy-medeni ösüşine onuň täsirini öwrenmäge bu forum saldamly goşant bolar diýip çuňňur ynam bildirdi. Häzirki günde biz diňe öz halkymyzyň milli mirasyny öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem edebiýaty we sungaty gaýtadan dikeltmek bilen, geljegiň binýadynyň düýbüni tutýarys diýlip, Gutlag hatynda aýdylýar. Taryhy-medeni genji-hazynalara, beýik alymlaryň, şahyrana sözüň ussatlarynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyna ylmy taýdan çemeleşmek, dünýäde bahasyna ýetip bolmajak milli mirasymyzy mundan beýläk-de wagyz etmek boýunça düýpli işler geljekde hem amala aşyrylar.
Türkiýeden, Hindistandan, Ukrainadan, Eýrandan, Albaniýadan, Özbegistandan, Al?irden, Russiýadan gelen alymlaryň maslahatda eden çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän giň halkara ylmy hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasatynyň, ýurtda milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan çuňňur özgertmeleriň uly ornuny we ähmiýetini, olaryň halkara ylmy gatnaşyklaryny giňeltmäge, dünýäniň ruhy genji-hazynalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen halkynyň milli mirasyny çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge ýardam edýändigini biragyzdan bellediler.
Özüniň gülläp ösen döwürlerinde Seljuklar imperiýasy Hyratdan (Owganystan) Amyderýanyň jülgesine (Buhara), Yspyhandan (Eýran) Anadola (Türkiýe) çenli aralyklary öz içine alypdy diýip, alymlar bellediler. Munuň özi diňe syýasy we harby ulgamlarda däl, eýsem Gündogaryň halklarynyň ruhy galkynyşynda hem türkmenleriň täsiriniň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän eýýam bolupdy. Seljuk soltanlary tarapyndan amala aşyrylýan progressiw özgertmeler medeniýetiň, edebiýatyň, ylmyň, filosofiýanyň, ylahyýetiň, amaly-haşam sungatyň gülläp ösüşine täsirini ýetirdi. Şol döwrüň Orta asyrlarynda türkmen alymlarynyň dünýä ylmyna goşan goşandy jedelsizdir, munuň üçin Muhammet al-Horezminiň, al-Farabiniň, al-Biruniniň, Zaýnuddin Jurjaniniň, as-Samanynyň we beýlekileriň atlaryny agzamak ýeterlikdir diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Geçmişi, hususan-da, Beýik Seljuklar imperiýasynyň gazanan üstünliklerini öwrenmek bize häzirki zamana düşünmäge we geljegi döretmäge mümkinçilik berýär diýip, hususan-da, Bombeý uniwersitetiniň professory Padmo Loçan Daş belledi. Ylmy-barlagçylara entek seljuklaryň taryhynda kemter gaýdylan, ýetmezçilik edýän köp zatlaryň üstüni doldurmak garaşýar, munuň özi häzirki maslahatyň wezipesidir, onuň çykarjak netijeleri şol ajaýyp eýýamy öwrenmekde köp meseleleri düşündirmek üçin düýpli ylmy binýat bolmalydyr diýip, ol nygtady. Seljuklar eýýamynyň beýik mirasyny gorap saklamagyň we öwrenmegiň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, maslahata gatnaşyjylar ol diňe türkmen halkyna däl, eýsem ähli adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolup durýar diýen pikire biragyzdan eýerdiler.
Umumy mejlisiň tamamlanmagyndan soň, foruma gatnaşyjylar we myhmanlar giň foýede ýaýbaňlandyrylan we türkmen halkynyň gadymy däpleri hem täsin özboluşly sungaty, beýik Galkynyş eýýamynda ylmyň we bilimiň ösüşi barada aýdyň gürrüň berýän serginiň eksponatlaryna uly gyzyklanma bildirip, olar bilen tanyşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi ylmy bölümçeleriň bäşisinde dowam etdirildi, olarda dünýä siwilizasiýasyny ösdürmekde seljuklar eýýamynyň taryhy-medeni mirasynyň ornuna bagyşlanan gyzykly çykyşlaryň birnäçesi diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy, şol döwrüň edebiýatynyň, sungatynyň we binagärliginiň ýadygärliklerini öwrenmegiň derwaýys meselelerine seredildi. Şol eýýamyň meşhur wekilleriniň häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda saklanylýan golýazma çeşmelerini öwrenmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşmalaryň üns merkezinde boldy. Alymlar halkara ylmy hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.
Şu gün halkara forumy öz işini dowam etdirer.

Bu makaleyi paylaş

Share on facebook
Share on google
Share on twitter
Share on linkedin
Share on pinterest
Share on print
Share on email