ashgabat-300x199

Türkmenistanda «Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady

Türkmen Döwlet Habarlar Gullugy- 23.09.2009- Türkmenistanda «Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady
Türkmenistan ýene-de wekilçilikli halkara forumyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu gün Daşoguz welaýatynyň merkezinde «Görogly» şadessanyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat öz işine başlaýar.
«Görogly ýordumy we Gündogar edebiýaty» atly halkara ylmy maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de howandarlygynda geçirilýär. Onuň guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty we Daşoguz welaýatynyň häkimligi amala aşyrýarlar.
Ylmy forumyň baş maksady «Görogly» şadessanyny çuňňur öwrenmek, giňden tanyşdyrmak we umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda eýeleýän ornuny kesgitlemek bolup durýar.
Maslahatyň temasy ýurdumyzyň alymlarynda, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşlerinde uly gyzyklanma döretdi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan alymlar geldiler. Olaryň ylmy gyzyklanmalarynyň merkezinde türkologiýany hem-de edebiýatyň, taryhyň we filosofiýanyň teoriýalaryny, Gündogaryň halklarynyň ylmy gatnaşyklaryny öwrenmek meseleleri durýar. Alymlaryň arasynda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Owganystandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Gruziýadan, Iordaniýadan, Eýrandan, Ispaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Päkistandan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Siriýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan dilçiler we edebiýaty öwrenijiler, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler we filosoflar, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary bar.
Üç günüň dowamynda forumda türkmen folklorynyň ýadygärligini, onuň Gündogaryň edebiýatynyň ösmegine täsirini we eýeleýän ornuny öwrenmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan çykyşlaryň ýüzden gowragy diňleniler we ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahata gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklere—Yzmykşire we Ysmamyt ata, Mahmyt Zamahşarynyň mawzoleýine we dünýä musulmanlarynyň zyýarat edýän keramatly ýerlerine baryp görerler. Alymlar şeýle hem Türkmenistanyň muzeýleriniň täsin ekspozisiýalary we ýadygärlik ýerleri bilen tanşarlar.

Bu makaleyi paylaş

Share on facebook
Share on google
Share on twitter
Share on linkedin
Share on pinterest
Share on print
Share on email